Umumy soraglar

Bizde ähli müşderiler üçin birmeňzeş kesgitlenen goşmaça baha ýok. Harydyň garaşaryna boýunça ahyrky bahasy, siziň hödürlän maglumatlaryňyza we resminamalaryňyza baglylykda aýratynlykda hasaplanýar.
Aýlyk tölegiň möçberini we garaşarynanyň umumy mukdaryny öňünden takmynan hasaplamak üçin, biziň kalkulýatorymyzdan peýdalanyň.

Dükanlarda, goldaw gullugy arkaly ýa-da onlaýn kalkulýatorda berilýän hasaplamalar deslapky häsiýete eýe bolup, diňe tanyşmak maksady bilen hödürlenýär.
Garaşarynanyň ahyrky möçberi diňe arza gözden geçirilenden we şahamçanyň hünärmenleri tarapyndan ähli resminamalar barlanandan soň kesgitlenýär. Şol sebäpli ahyrky şertler deslapky hasaplamadan tapawutlanyp biler.
Iň takyk hasaplama garaşaryna resmileşdirilýän wagty hünärmen tarapyndan geçirilen sanawlar hasaplanýar.
Garaşaryna

Ýok, garaşarynany diňe tassyklanan girdejisi bolan taraplar üçin elýeterlidir.
Eger öz girdejiňiz ýok bolsa, harydy garaşaryna tassyklanan girdejisi bolan ýakyn garyndaşyňyz satyn alyp biler.
Garaşarynany resmileşdirmek üçin 18 ýaşyňyzy dolduran bolmaly, şahsyýeti tassyklaýan hereket edýän resminama eýe bolmaly hem-de durnukly girdeji çeşmäňiziň bardygyny tassyklamaly.

Hawa, eger saýlan dükanyňyzda biziň resmileşdiriş boýunça hünärmenimiz bar bolsa, garaşaryna üçin göni şol ýerde ýüz tutup bilersiňiz.
Eger hünärmen ýok bolsa, satyjy size iň ýakyn resmileşdiriş nokadyna ugrukdyrar. Şol ýerde garaşaryna üçin ýüz tutmaňyzy tamamlap bilersiňiz.

Hawa. Siz Gerekli marketpleýsindäki harytlar bilen tanşyp, özüňize laýyk harydy saýlap we garaşaryna üçin arza galdyryp bilersiňiz.
Arzaňyz kabul edilenden soň, maglumatlaryňyzy tassyklamak we garaşarynany resmileşdirmegi dowam etdirmek üçin biziň hünärmenimiz siz bilen habarlaşar.

Hawa, ýerli ýazgynyň bolmazlygy garaşarynany resmileşdirmäge päsgelçilik döretmeýär.
Esasy şert - iş ýeriňiziň bolmagy we girdeji çeşmäňizi tassyklap bilmegiňizdir.
Jemleýji karar arzaňyz gözden geçirilenden we hödürlän resminamalaryňyz barlanandan soň kabul edilýär.

Garaşaryna boýunça aýlyk tölegleri özüňize amatly usulda töläp bilersiňiz:
• Simurg kompaniýasynyň islendik şahamçasynda — kassanyň üsti bilen nagt görnüşinde.
• Gerekli mobil goşundysy arkaly onlaýn — çalt, howpsuz we islendik amatly wagtda.
Tölegleri şertnamada görkezilen tertibe laýyklykda öz wagtynda geçirmegi maslahat berýäris.

Hawa, käbir ýagdaýlarda garaşaryna başlangyç tölegsiz resmileşdirilip bilner.
Munuň ýaly mümkinçilik wepaly müşderiler üçin, şeýle hem ýörite teklipleriň we aksiýalaryň çäklerinde elýeterli bolup biler.
Giňişleýin maglumat almak we elýeterli şertleri anyklamak üçin biziň hünärmenlerimize ýüz tutuň.

Hawa, siz garaşarynany doly ýa-da bölekleýin görnüşde möhletinden öň ýapyp bilersiňiz.
Möhletinden öň ýapylan ýagdaýynda arzanladyş berlip bilner. Arzanladyşyň möçberi barada şahsy otagyňyzdan ýa-da mobil goşundydan maglumat alyp bilersiňiz.

Hawa, hereket edýän garaşarynaňyz bar bolsa-da, täze garaşaryna resmileşdirmek mümkin.
Bu mümkinçilik siziň töleg tertibiňize, tölegleri wagtynda geçirmegiňize we hereket edýän borçlaryňyzy ýerine ýetirmegiňize baglylykda aýratynlykda çözülýär.
Giňişleýin maglumat almak üçin iň ýakyn şahamça ýüz tutuň ýa-da goldaw gullugy bilen habarlaşyň.
Satyjylar üçin

Hyzmatdaşlygy başlamak üçin şu aşakdaky resminamalar gerek:
•patent;
•bellige alnyş şahadatnamasy;
•pasport.
Resminamalary tabşyranyňyzdan soň, şertleri ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygy resmi ýagdaýda ýola goýmak üçin siziň bilen habarlaşarys.

Hyzmatdaşlyk barada doly maglumat almak üçin +99371798231 belgili telefon nomerine jaň edip bilersiňiz.
Ýüz tutanyňyzdan soň, haýyşyňyz jogapkär hünärmene ýetiriler. Şol sebitiň wendor-menejeri size jaň edip, şeýle-de «Simurg» kompaniýasy bilen işleşmegiň ähli düzgünlerini düşündirer we indiki ädimleriňizi anyklap berer.

Hawa, biziň söwda nokatlarymyz ýurduň dürli sebitlerinde hereket edýär.
Biz şu aşakdaky şäherlerde we ýaşaýyş nokatlarynda işleýäris:
Aşgabat, Büzmeýin, Gökdepe, Bäherden, Tejen, Mary, Baýramaly, Türkmenabat, Kerki, Daşoguz, Gubadag, Türkmenbaşy, Balkanabat, Gyzylarbat.
Hyzmatdaşlyk we «Simurg» kompaniýasy bilen işlemegiň şertleri barada maglumat almak üçin, size iň ýakyn söwda nokadymyza ýüz tutup bilersiňiz.

Tölegler we goldaw

Enjamyň blokirlenmegi boýunça ýüz tutulan ýagdaýda, şertnama maglumatlary ulgam arkaly barlanýar we degişli maglumatlar takyklanylýar.
Eger berginiň bardygy tassyklansa, doly töleg ýerine ýetirilenden soň enjam gün içinde awtomatiki açylyp bilner.
Eger tölegden soň enjam açylmadyk bolsa, içerki görkezmelere laýyklykda adaty çäreleri ýerine ýetirmeli ýa-da hyzmat goldawyna ýüz tutmaly.
Eger ýüz tutýan adam şertnamanyň eýesi bolmasa, şertnamanyň resmileşdirilen söwda nokady anyklanýar we ol şol ýere ugrukdyrylýar. Üçünji şahslara bergi boýunça jikme-jik maglumat berilmeýär. Töleg we şertnama bilen bagly ähli meseleler diňe resmileşdirilen nokatlar ýa-da ygtyýarly hyzmat kanallary arkaly çözülýär.

Töleg möhletini uzaltmak diňe aýratyn ýagdaýlarda mümkindir we şertnamanyň ýagdaýyna hem-de töleg taryhyna görä seredilýär.
Töleg gijikdirilen ýagdaýlarda şertnamada görkezilen adaty şertler we düzgünler ulanylyp bilner. Zerur bolanda, bergini düzgünleşdirmek üçin jogapkär hünärmen müşderi bilen habarlaşyp, indiki çäreleri ylalaşyp biler.
Möhleti uzaltmak mümkinçiligini anyklamak üçin islendik hyzmat nokadyna ýüz tutmagy ýa-da goldaw gullugy bilen habarlaşmagy maslahat berýäris.

Aýlyk tölegiň möçberi, häzirki bergi we garaşarynyň umumy galany barada maglumat islendik söwda nokadynda ýa-da kassada ýüz tutanyňyzda berlip bilner.
Töleg gijikdirilende bolup biljek jerimeler baradaky maglumat hem diňe ýerinde, şertnama we hasabyň ýagdaýy barlanandan soň anyklanýar.
Takyk maglumat almak üçin islendik hyzmat nokadyna ýüz tutmaly, şol ýerde hünärmenler siziň şertnamaňyz boýunça iň täze hasaplamany bererler.

Eger harytda näsazlyk ýa-da laýyk gelmezlik ýüze çyksa, garaşaryna resmileşdirilen söwda nokadyna ýüz tutup, mesele barada habar bermeli.
Soňra şahamça müdiri harydy servis merkezine (tel.: 454545) iberer, ol ýerde hünärmenler diagnostika geçirip, resmi netije çykararlar.
Servis merkeziniň netijesine laýyklykda, şertnama we düzgünlere görä degişli çäreler görülýär.

Smartfonyň gutusyny müşderiniň özi ýa-da onuň ýakyn garyndaşy alyp biler.
Almak üçin aşakdakylar zerurdyr:
• özara hasaplaşyk akty;
• garaşaryna arkaly satyn alnan smartfon ýa-da onuň IMEI belgisi.
Eger guty ýakyn garyndaş tarapyndan alynýan bolsa, müşderi bilen garyndaşlygy tassyklaýan resminama hem goşmaça zerurdyr.

Özara hasaplaşyk akty şertnama ýapylan islendik nokatdan alnyp bilner, şäherine ýa-da sebite garamazdan.
Eger müşderi şertnamany ýapyp, tölegi onlaýn görnüşde amala aşyran bolsa, “Simurg” kompaniýasy özara hasaplaşyk aktyny taýýarlaýar we ony bir taraplaýyn tertipde tassyklap gol çekýär.
Isleg boýunça müşderi aktyň asyl nusgasyny 10 günüň dowamynda islendik söwda nokadyndan kassanyň üsti bilen alyp biler.

Şertnama doly ýapylandan soň smartfonyň gutusyny diňe garaşarynany resmileşdiren şahamçadan alyp bolýar.
Beýleki şäherlerde ýa-da şahamçalarda almak mümkin däl, resmileşdirilen sebite garamazdan.

Eger onlaýn töleg wagtynda ýalňyşlyk ýüze çykyp ýa-da töleg hasaba alynmadyk bolsa, Gerekli mobil goşundysynyň goldaw gullugyna ýüz tutmaly.
Hünärmenler tölegiň ýagdaýyny barlap, ýagdaýy anyklarlar, zerur bolanda bolsa tölegiň dogry hasaba alynmagy üçin indiki çäreler barada maslahat bererler.

Eger terminal arkaly töleg edilende ýalňyşlyk bolup, zerur mukdardan köp pul alynsa, bankdan amalyň tassyklamasyny alyp, garaşaryna resmileşdirilen söwda nokadyna ýüz tutmaly.
Şol ýerde işgärler ýagdaýy barlap, baş ofise sorag ibererler. Soňra artykmaç alynan puluň karta gaýtarylýan wagty barada size habar berler.